Dark
Light
05.10.2026
golyazma THE ASHGABAT TIMES

Edebiýat – ruhy gözellik çeşmesi

15.03.2026

Häzirki zaman bilim ulgamynda ýaş nesle diňe bir nazary bilim bermek däl, eýsem, olary milli gymmatlyklarymyza sarpaly, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu mukaddes işde türkmen dili we edebiýaty mugallymlaryna aýratyn jogapkärçilik degişlidir.

Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl, eýsem, milletiň ruhy pasportydyr. Mekdep ýyllarynda okuwçylaryň dil baýlygyny artdyrmak, olara sözüň güýjüni duýdurmak — geljekki zehinleriň düýbüni tutmakdyr. Grammatikanyň kadalaryny öwretmek bilen bir hatarda, çagalarda öz ene diline bolan buýsanjy oýarmak mugallymyň baş ukybydyr.

Edebiýat sapaklarynda nusgawy şahyrlarymyzyň we söz ussatlarymyzyň döredijiligini öwrenmek okuwçylarda ynsanperwerlik, watansöýüjilik we ahlaklylyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Şahyrlaryň eserlerindäki çuňňur pelsepe okuwçynyň durmuş hakykatyna akyl ýetirmegine kömek edýär. Kitap ynsan paýhasynyň hazynasydyr, biz bolsa şol hazynanyň gapysyny okuwçylarymyz üçin hemişe giňden açmalydyrys.

Şu günki günüň mugallymy diňe bir öwrediji bolman, eýsem, gyzykly söhbetdeş we täze tehnologiýalary ulanmagy başarýan ussat bolmalydyr. Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, interaktiw usullar arkaly sapaklary gyzykly guramak, edebi gahrymanlaryň keşplerini sahnalaşdyrmak hem-de okuwçylaryň döredijilik ukybyny oýarmak bilim bermegiň hilini ýokarlandyrýar.

Netije edip aýtsak, türkmen dili we edebiýaty dersi okuwçynyň diňe bir sowatlylygyny däl, eýsem onuň ýüregini terbiýeleýär. Biz – mugallymlar her bir sözi we her bir eseri çagalaryň aňyna ýetirmek bilen, Watanymyzyň röwşen geljegi üçin ruhy taýdan kämil nesilleri ýetişdirýäris.

Laçyn ROZYBAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nowruz baýramy: sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik

651061846 1339054738242696 5173047356522861590 n THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Galam bilen ýazmak, ýürek bilen pikirlenmek Hemra Şirowyň ebedi sungaty

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop