Dark
Light
09.08.2026
emeli an THE ASHGABAT TIMES

Emeli aň – XXI asyryň trendi

13.03.2026

Emeli aň, adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan ýygy-ýygydan peýdalanýarys. Ol döwrebap smartfonlardan başlap, özi dolandyrylýan awtoulaglara çenli giňden ornaşdyrylýar. Internetde maglumat gözlemek, biometrik ýüz tanamak ýa-da aýdylan sözleri tekste öwürmek ýaly mümkinçilikler muňa mysaldyr. Şeýle amallaryň merkezinde emeli aň durýar we ol matematika, algoritmlere esaslanyp, işimizi aňsatlaşdyrýar.

Emeli aň tehnologiýasy adam beýnisiniň gurluşy we işleýiş usuly bilen berk baglanyşyklydyr. Alymlaryň pikiriçe, adam beýnisiniň nähili işleýändigine we pikirlenýändigine düýpli düşünmek şol mehanizmleri kompýuterde gaýtalamaga mümkinçilik berýär. Adam beýnisiniň öwrenmek, pikirlenmek we hereket etmek usulyny gaýtalap, şol bir işleri ýerine ýetirip bilýän enjamy oýlap tapmak mümkinçiligi döreýär. Sebäbi emeli aň — bu adam aňynyň amallaryny enjamlar, kompýuter ulgamlary ýa-da programmalar arkaly simulýasiýa etmekdir. Başgaça aýdanymyzda, emeli aň — adam aňynyň pikirlenmek, öwrenmek we çözgüt kabul etmek ukybyny kompýuter arkaly gaýtalamakdyr.

1950-nji ýyllarda, ýagny iňlis matematigi Alan Týuringiň «Hasaplaýyş enjamlary we aň» atly işiniň çap edilen, amerikan informatigi Jon Makkartiniň «emeli aň» adalgasyny ilkinji gezek ulanan döwründe bu ugur kemala gelip başlaýar. 1950 — 1960-njy ýyllarda emeli aň boýunça geçirilen ilkinji barlaglaryň maksady adam bilimini logika we nyşanly düşünjeler arkaly kompýuter programmalaryna ýerleşdirmekden ybarat bolýar. Şol döwürdäki tehniki serişdeleriň we hasaplaýyş kuwwatynyň ýagdaýy bu ugurda tiz ösüş gazanmaga mümkinçilik bermeýär. Şondan bäri birnäçe ösüş döwrüni başdan geçiren emeli aň babatda XXI asyrda ýokary tehnologik ösüşlere ýetilýär.

Netijede, emeli aň dürli ugurlarda ep-esli ösüş gazanyp, durmuşymyzyň köp taraplaryny özgerdip biljek güýje eýe boldy. Şeýle-de bolsa, ol adam akylyny doly çalşyp ýa-da ýeňip bilmeýär. Ol tebigy ukyplarymyzy çalyşmak üçin däl-de, olara kömek bermek we olary güýçlendirmek üçin döredilendir. Emeli aň bilen adam akylynyň özboluşly taraplary nazara alnanda, olaryň biri-biriniň üstüni ýetirmegi ösüşiň şertidir.

Daýanç MUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew capyp baryan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkymyzyň uçar ganaty

bitarap kollazh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop