Dark
Light
12.08.2026
surat ene THE ASHGABAT TIMES

Ene mukaddesdir

04.03.2026

Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy, olaryň ak süýdi we beren terbiýesi bolsa durmuş ýolumyzyň ýagty nusgasydyr. Baharyň ilkinji günleri bilen gelýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni bolsa, kalbymyzyň eýesi bolan mähriban enelerimizi gutlamagyň iň gözel pursatydyr.

Bu günki makalamyzyň suratyna nazar salanymyzda, meniň durmuşymyň iň uly diregi we buýsanjy bolan iki ynsany — eziz ejemi we mähriban kakamy görýäris. Ene mukaddesligi barada söz açylanda, kakam bilen ejemiň agzybir hem-de mähir doly keşbi göz öňümde janlanýar. Sebäbi enäniň bagty — maşgalanyň abadançylygynda, perzentleriniň bagtyýar gülküsinde we ömür ýoldaşynyň hormat-sylagyndadyr. Kakam maşgalanyň galasy bolsa, ejem şol galanyň nury hem-de mähridir. Olaryň bir supranyň başynda agzybir oturmagy meniň üçin dünýäniň iň uly baýlygydyr.

Ene — durmuşyň gözbaşydyr. Ol bizi mähir bilen gurşap alýar, her bir üstünligimize bizden beter begenýär. Talyplyk ýyllarymyzyň kynçylyklarynda-da, şatlygynda-da ejemiň «Balam, hemme zat gowy bolar!» diýen sesi maňa täze güýç berýär.

Mähriban ejem jan! Seni we ähli mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Saňa we kakam bilen guran agzybir ojagymyza hemişe döwletlilik, jan saglyk we uzak ömür dileýärin! Seniň ýüzüňdäki şatlyk hiç wagt egsilmesin! Sen meniň durmuşymyň iň uly mukaddesligi, iň gymmatly hazynasysyň!

Merjen ALMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 207-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

177253136329 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Coca­-Cola» Gazagystanda dördünji kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär

zenan gelin gyz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenan – mähir dünýäsi

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop