Dark
Light
12.09.2026
erteki THE ASHGABAT TIMES

Erteki – çaganyň ruhy dünýäsiniň açary

31.03.2026

Bakja ýaşyndaky çagalar üçin ertekiler diňe bir wagtyňy hoş geçirmegiň serişdesi däl, eýsem durmuşyň ilkinji sapaklaryny öwredýän uly mekdepdir. Çagalar ertekileriň üsti bilen dünýäni tanaýarlar, ak bilen garany, ýagşy bilen ýamany saýgaryp başlaýarlar. Erteki gahrymanlarynyň başyndan geçirýän wakalary çagada emosiýalaryň oýanmagyna, begenç, gynanç we rehimdarlyk ýaly duýgularyň kemala gelmegine itergi berýär. Şonuň üçin hem, terbiýeçilik işinde ertekilerden dogry peýdalanmak çaganyň şahsyýet hökmünde kämilleşmeginde möhüm orun tutýar.

Ertekileriň çaganyň dil baýlygyny artdyrmakda hem ähmiýeti örän uludyr. Bakja toparlarynda okalyp berilýän ertekiler çaganyň söz baýlygynyň artmagyna, sözlemleri dogry gurmagyna we pikirini erkin beýan etmegine kömek edýär. Çaga täze sözleri we durnukly söz düzümlerini ertekiniň üsti bilen ýatda saklaýar. Şeýle hem erteki diňlemek çagalaryň ünsüni bir ýere jemlemek ukybyny ösdürýär. Ertekidäki täsin wakalar olaryň fantaziýasyny we döredijilikli pikirlenmesini kämilleşdirip, geljekde özbaşdak we çeýe pikir ýöretmäge esas bolýar.

Mundan başga-da, ertekiler çagalarda luget we ahlak kadalaryny terbiýeleýär. Agzybirlik barada ertekiler arkaly agzybirligiň güýjüni, “Tazy bilen towşan” ýaly ertekiler arkaly bolsa çalasynlygy we pähimliligi öwrenýärler. Ertekidäki gahrymanlaryň ýagşylyk edip, ahyrynda ýeňiş gazanmagy çagada optimistik garaýyşlaryň döremegine sebäp bolýar. Bakja toparlarynda ertekileri diňe bir okap bermek däl, eýsem, olary sahnalaşdyrmak hem uly netije berýär. Çagalar gahrymanlaryň keşbine girip, özara gatnaşyklary we jemgyýetçilik medeniýetini has ýakyndan duýýarlar.

Netijede, bakja ýaşyndan başlap ertekiler dünýäsine aralaşan çaga ruhy taýdan baý, pähimli we rehimdar bolup ýetişýär. Ertekiler arkaly berilýän terbiýe çaganyň aňyna has çuňňur ornaşýar we ömürlik durmuş kadasyna öwrülýär. Terbiýeçileriň we ene-atalaryň çaga bilen yzygiderli erteki okap bermegi, geljekki kämil nesli kemala getirmekde iň ýönekeý, emma iň netijeli ýoldur.

Gülçehra HUDAÝBERGENOWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gun partlama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Günde iň ýokary derejeli partlama boldy

saglyk yoris THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň nyşany

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop