Dark
Light
17.06.2026
bajgyran THE ASHGABAT TIMES

Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik ýüki ugradyldy

16.03.2026

Mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde iberildi. 

Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik ýüküniň ugradylmagy we köp sanly ýaşulularyň, eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berilmegi keramatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasyndaky sogap işleriň üstüni ýetirdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga islenen THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Usuly burç – terbiýeçiniň baýlygy

ekspo 2027 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer

Soňkylar Habar

GitTop