Dark
Light
17.06.2026
galkynys baku THE ASHGABAT TIMES

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bakuda täsirli çykyşlary görkezdi

16.03.2026

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki döwrebap «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri tarapyndan täsirli çykyşlar görkezildi.

Çykyş wagtynda türkmen artistleri tomaşaçylara milli atly oýunlaryň elementlerini, şeýle hem meşhur ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketleri we jigitçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Adam bilen bedewiň sazlaşykly hereketi, ahalteke atlarynyň gözelligi we ýyndamlygy tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk žanrlarynyň artistleriniň çykyşlary görkezilip, tomaşa baý we täsirli mazmuna eýe boldy. Tomaşaçylar türkmen artistleriniň bu çykyşlaryny uly gyzyklanma we dowamly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

«Circus Sea Breeze» arenasyndaky çykyş «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan döwletindäki çykyşlarynyň dowamydyr. Garaşylyşy ýaly, türkmen artistleri ýakyn günlerde hem tomaşaçylary özleriniň täsirli çykyşlary bilen begendirmegi dowam etdirerler we olaryň ýokary ussatlygy 30-njy marta çenli giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlener.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ekspo 2027 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer

nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze günüň we täzelenişiň baýramy

Soňkylar Habar

GitTop