Dark
Light
07.10.2026
tapi toph THE ASHGABAT TIMES

TAPI — sebitara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy

20.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda Türkmenistanyň halkara nebit-gaz giňişligindäki ornuny berkitjek iň iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy täze depgin bilen dowam edýär. Bu transmilli taslama diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetini däl, eýsem tutuş sebitiň durnukly ösüşini we nebit-gaz howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. TAPI taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky strategiýasynyň amaly beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu gaz geçirijisi dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käninden gözbaş alyp, müňlerçe kilometr aralyga uzaýar. Taslamanyň amala aşyrylmagy Owganystanda müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine, Pakistan we Hindistan ýaly çalt ösýän ykdysadyýetli ýurtlaryň bolsa arzan hem-de ekologiýa taýdan arassa gök ýangyç bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer. Şeýlelikde, TAPI diňe bir nebit-gaz geçirijisi däl, eýsem sebitde parahatçylygyň we dostlukly gatnaşyklaryň köprüsi bolup hyzmat edýär.

2026-njy ýylyň dowamynda bu taslamanyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk-montaj işleriniň we tehnologik desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli tamamlanmagy göz öňünde tutulýar. Sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň bu taslama ornaşdyrylmagy, gaz geçirijiniň howpsuz hem-de netijeli dolandyrylmagyny üpjün eder. Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň hünärmenleriniň we halkara hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde TAPI taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitara ykdysady integrasiýany täze derejä çykarar.

Jemläp aýtsak, TAPI gaz geçirijisi Türkmenistanyň dünýäniň nebit-gaz bazaryndaky abraýyny has-da belende göterer. Bu iri göwrümli taslama “Bedew batly at-myradyň mekany” bolan Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we sebit halklarynyň abadançylygyna uly goşant goşar.

Süleýman ILMANOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk new 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy

serdar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegine dört ýyl boldy

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop