Dark
Light
17.06.2026
nowruz kollazh 26 THE ASHGABAT TIMES

Gelse Nowruz äleme…

22.03.2026

Türkmenistanda Nowruz baýramçylygy täze durmuşyň oýanmagyny we sowuk gyşdan soň, ýylylygyň gaýdyp gelmegini alamatlandyrýan milli baýramçylykdyr. Bu baýramçylyk gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda bellenilip geçilýär we olary umumy medeni miras arkaly ýakynlaşdyrmagy dowam etdirýär.

Dünýäniň köp sanly döwletleriniň goldawy bilen Nowruz baýramçylygy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we oňa halkara derejesi berlip, 2010-njy ýyldan bäri onuň Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilmegi ýola goýuldy. Türkmenistanda Halkara Nowruz güni Milli bahar baýramy hökmünde iki gün dowam edýär we maşgala bolup, bereketli saçagyň başynda bellenilse-de, goňşularyň we garyndaşlaryň biri-birine barşyp-gelişmegi, datly, milli tagamlary alyşmaklary adaty däp-dessurlara öwrüldi.

Nowruz, adatça, ekerançylyk möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýar we şonuň üçin bugdaýdan bişirilen önümlere aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda Nowruzyň esasy tagamy semenidir. Ýurdumyzda her ýyl Nowruzyň öňüsyrasynda bag nahallaryny oturtmak däbi hem ýola goýuldy. Şunuň ýaly asylly çärelerden soň, halkymyz agzybirlik bilen joşgunly ýagdaýda Milli Bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi belleýär. Dabaralaryň geçýän ýerlerinde däp-dessurlarymyza laýyklykda, milli ak öýler dikilip, halylar düşelen sekilerde milli egin-eşikli zenanlardyr erkek kişiler gadymy hünärmentçilik dessurlary bilen meşgullanýarlar, söwda çadyrlaryna meňzeýän ussahanalar we sergi diwarlyklary hem ünsüňi özüne çekýär. Şäherleriň, ýurtlaryň arasyndaky söwda ýollarynda ýüze çykan gündogar bazarlaryna mahsus bolan ýagdaýlaryň döredilen sahnalaşdyrylan görnüşleri hem örän täsirliligi bilen tapawutlanýar.

Halk döredijilik toparlary Nowruzyň esasy aýratynlygyny – bugdaý tohumyndan emele gelen maýsadan semeni taýýarlamak bilen baglanyşykly däp-dessurlary görkezýän sahna oýunlaryny hödürlenýär. Teatr sungat işgärleriniň filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň we beýleki ylymlaryň ösmegine uly goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyryp döreden sahna çykyşlary giň gerimli serginiň tematiki bölümleriniň birine öwrüldi. Mundan başga-da, edebi we aýdym-saz, halk we etnografiki kompozisiýalary, tanslary, milli söýgi aýdymy we häzirki zaman eserlerini öz içine alýan ýurduň sungat ussatlarynyň konserti geçirilýär. Türkmen toýy dürli öwüşginli, şadyýan we ajaýyp owazlary bilen Nowruzyň ― Täze günüň, Täze ýylyň gelendigini habar berýär.

Bereketli topragymyza Nowruzyň gelendigini buşlaýan şadyýan aýdym ýaňlanýar. Aýdym-saz sungatynyň ykrar edilen ussatlarynyň we kämilleşýän ýaş sahna ussatlarynyň, meşhur tans hem-de halk döredijiligi toparlarynyň, Nowruz hakyndaky şygyrlary hem-de aýdymlary ýerine ýetiren ýaş artistleriň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlanýar. Şeýlelikde, türkmen halky Halkara Nowruz gününi ählumumy ruhy galkynyş we şadyýanlyk ýagdaýynda giňden belleýär. Häzirki bahar günlerinde bütin ýurdumyzdaky dabaralar gadymy türkmen topragyny gül-läleleriň öwüşgini bilen, aýdym-saz, gadymy däpleriň gözelligi bilen baýlaşdyrýar, bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküleri ýaňlanýar.

Selbi NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bag ekmek 24 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bag ekmek – halkymyzyň milli dessury

interwyu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna interwýu berdi

Soňkylar Makalalar

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesi

16.06.2026
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin

Bedew bady bilen täze sepgitlere!

15.06.2026
Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar
GitTop