Dark
Light
12.08.2026
1772327607163 THE ASHGABAT TIMES

«Google Play»-da birnäçe howply Android programmalary ýüze çykaryldy

01.03.2026

«Google Play»-da 19 mln-dan gowrak ýüklenen howply programmalaryň 77-si ýüze çykaryldy.

Zyýanly programmalaryň köpüsi (66%-den gowragy) mahabatlary görkezýän programma üpjünçiligini öz içine alýar, şeýle hem gözlegçiler tarapyndan barlanan programmalaryň 25%-inde Joker atly Android üçin niýetlenen zyýanly programma tapyldy. Bu zyýanly programma üpjünçiligi SMS-lary okap we iberip, aragatnaşyklary ogurlap, ekrany surata alyp, jaň edip we ulanyjylary tölegli hyzmatlara ýazyp bilýär.

Şeýle hem gözlegçiler oýunlar, surat redaktorlary ýa-da çyralar ýaly adaty programmalar hökmünde özüni görkezýän, ýöne içinde zyýanly kod saklaýan Harly atly bir görnüşini tapdylar.

Emma esasy açyşlaryň biri – bu Anatsa atly (şeýle hem Tea Bot) bank Troýany wirusyň täzelenen görnüşi bolup durýar. Bu zyýanly programma «Google Play»-da «Document Reader – File Manager» atly programmanyň ady bilen gizlendi. Zyýanly programmany ýüklemek şübhesiz amala aşyrylýardy, ýöne ilkinji sapar açylmagyndan başlap programma serwerden zyýanly kody göçürip alýardy.

Gözlegçileriň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan zyýanly programmalaryň ählisi eýýäm «Google Play»-dan pozuldy. Muňa garamazdan, Android ulanyjylary enjamda pozmaga degişli zyýanly programmalary belleýän «Play Protect» goragynyň açykdygyna göz ýetirmeli.

Hormatly adamlar, siziň maglumatlaryňyzyň goragy ― şahsy howpsuzlygyňyzyň goragydyr!

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1772327607172 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň emeli hemrasy 1,2 milliarddan gowrak ulanyjy üçin aragatnaşygy üpjün edýär

1772327607176 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan üç sany täze serhetüsti optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlaryny gurýar

Soňkylar Dünýä habarlary

Kolumbiýanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi

10.08.2026
Telekeçi we syýasatçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Inaugurasiýa dabarasy Caracol teleýaýlymynda göni efirde görkezildi. Dabara paýtagt Bogotada däl-de,
GitTop