Günde takmynan iki aýdan bäri ilkinji gezek iň ýokary klasa degişli bolan partlama ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.
«Soňky uçgunlaşma şu gün sagat 06:19-da boldy — derejesi X1.4 (örän güýçli)» diýlip, barlaghananyň web saýtynda bellenilýär.
Bu klasdaky iň soňky uçgunlaşma 4-nji fewralda hasaba alnypdy. Şonuň netijesinde, M we X klasyndaky Gün uçgunlaşmalarynyň sany boýunça XXI asyryň rekordy täzelenipdi.
«THE ASHGABAT TIMES».