Dark
Light
18.07.2026
yenijiler THE ASHGABAT TIMES

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi yglan edildi

10.03.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde talyplaryň we magistrantlaryň arasynda III halkara bäsleşigi yglan edildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barylýan bu çäräniň maksady Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny dabaralandyrmak, «Dialog ― parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny ýaşlaryň arasynda ýaýmak we dünýäniň ylym-bilim merkezleri bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Bäsleşige ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinden 1-den 5-e çenli talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň şerti hökmünde gatnaşyjylar halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, taryh, medeniýet, ekologiýa we durnukly ösüş maksatlary ýaly giň ugurlary öz içine alýan 100 soragdan ybarat bolan test ýumuşlaryny ýerine ýetirerler. Eminler topary tarapyndan iň ýokary netije görkezen ýaşlar seljerilip, ýeňijiler kesgitleniler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine altyn, kümüş we bürünç medallar, şeýle hem degişli derejeli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite medeni we tanyşdyryş gezelençleri hem meýilleşdirildi.

Bäsleşik baradaky has giňişleýin maglumatlar we gatnaşmak üçin sargytnamalaryň nusgalary institutyň iirmfa.edu.tm resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dermanlyk otlar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby biologiýa sapaklarynda

vw logo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Volkswagen agyr maliýe krizisine duçar boldy

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop