24 — 28-nji mart aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026) üstünlikli geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 9-synyň, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Wengriýanyň, Eýranyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 560-a golaýy wekilçilik etdi.
Halkara olimpiadada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary iň ýokary netijäni görkezip, A we B derejelerde 33 altyn, 69 kümüş, 96 bürünç, jemi 198 medal, şeýle hem toparlaýyn bäsleşikde 2 altyn, 5 kümüş, 6 bürünç, jemi 13 medal gazandylar.
Türkmenistanly ýaşlardan soň iň köp medallary yzygiderlilikde Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gresiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Germaniýanyň, Eýranyň we Wengriýanyň wekilçilikli toparlary gazandylar. Ýapylyş dabarasynda ýeňijiler ýadygärlik surata düşdüler.
«THE ASHGABAT TIMES».