Dark
Light
09.08.2026
sergi 26 THE ASHGABAT TIMES

Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi açyldy

05.03.2026

Düýn ― 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisi açyldy.

Bu sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijiligine hem giň orun berlipdir. 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryna giň orun berlen sergide aýdym-sazly çykyşlar hem-de milli lybaslaryň moda görkezilişi boldy.

8-nji marta çenli dowam etjek sergide reňbe-reň zenan dünýäsine, ene mukaddesligine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

talyp gozel 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Talyp gözeli – 2026» belli boldy

gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenanlaryň bagtyýarlygy – döwletiň abadançylygy

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop