Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk sapary iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä belli «CGTN» teleýaýlymynyň meşhur alypbaryjysy He Ýanke bilen duşuşmagy özara ynanyşmagyň we geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň wajyp tapgyry boldy.
Turuwbaşdan bellesek, «CGTN» (China Global Television Network) teleýaýlymy häzirki zaman global habarlar giňişliginde aýratyn orna eýedir. 2016-njy ýylyň ahyrynda döredilen bu media tory, gysga wagtyň içinde dünýäniň iň täsirli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birine öwrülmegi başardy. Alty dilde (hytaý, iňlis, fransuz, ispan, rus we arap dillerinde) gepleşik berýän bu platforma, halkara žurnalistikasynda täze bir garaýşy — dünýä wakalaryna Aziýanyň we ösüp barýan ýurtlaryň nukdaýnazaryndan baha bermek ýörelgesini öňe sürýär. Pekinde, Waşingtonda, Londonda we Naýrobide merkezleri bolan «CGTN» häzirki döwürde maglumat akymynyň deňagramlylygyny saklamakda we halkara jemgyýetçiligini dogry habarlar bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän we tutuş adamzat bähbitlerine hyzmat edýän başlangyçlary Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy bolsa dünýäniň iň iri habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň özenini medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk düzýär. Hytaýly žurnalistiň Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoly, baý döredijilik dünýäsi we galamyna degişli bolan eserler bilen ýakyndan gyzyklanmagy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň şahsyýetine goýulýan belent sarpanyň alamatydyr.
Duşuşygyň iň täsirli pursatlarynyň biri hem Milli Liderimiziň «CGTN» teleýaýlymynyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagy boldy. Bu taryhy ýazgyda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine bolan uly ynam öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bilen teleýaýlymyň alypbaryjysynyň arasyndaky sowal-jogap görnüşindäki söhbetdeşlik, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.
Tumar GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.