Dark
Light
20.04.2026
turkmen bedewlerinin waspcysy THE ASHGABAT TIMES

Halkymyzyň uçar ganaty

28.03.2026

Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly many bar. Çünki türkmen bedewleri ýyndamlygy, gözelligi, umuman, birnäçe aýratynlyklary bilen öňe saýlanýar. Bu bolsa halkymyzyň atşynaslyk sungaty bilen has irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini alamatlandyrýar.

Bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewlerimiz täze taryhy döwrümizde toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şanyna şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellärliklidir. «At — myrat» halk pähiminiň bedew batly ösüşlerimiziň ajaýyp waspnamasy bolup, şu ýylymyzyň şygarynda şöhlelenmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşlerinden habar berýär.

Milli Liderimiziň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli işleriň netijesinde türkmen atşynaslary milli tejribelerimizi dünýä tejribeleri bilen utgaşdyryp, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny mälim edýär.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde behişdi bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden hem-de uly dabaralar bilen bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň, at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlaryň, şol sanda uzak aralyga atly ýörişleriň, bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bnodl2agyh1d04aiwhxeqt7may4obz 600x450 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan Aşgabatda geçirilen Işewürlik forumunda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyryýarlar

belarus kompaniyalary turkmen ad92350e4633462fd6eb5956da8876f2 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Belarus kompaniýalary türkmen bazaryna çykmaga taýýarlyk görýärler

Soňkylar Makalalar

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary

Matematikada mukaddes sanlar

15.04.2026
Sanlar adamzat taryhynda diňe bir hasaplama guraly bolman, eýsem ruhy, medeni we ylmy ähmiýete eýe bolupdyr. Käbir sanlar dürli halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen kabul

Guramaçylyk we usulyýet babatda öňdebaryjylar saýlandy

14.04.2026
Her okuw ýylynda öňdebaryjy iş tejribeleri, gazanylan üstünlikleri, görkezijileri, hünär ugry boýunça ussatlygy, guramaçylyk başarnyklary we pedagogik işjeňligi bilen tapawutlanýan bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilýän

Maksatly il myrada ýeter

14.04.2026
Halk nakyllarynda «Maksatly il myrada ýeter» diýlişi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň milli nusgasy diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary
GitTop