Dark
Light
11.04.2026
bedew capyp baryan THE ASHGABAT TIMES

Halkymyzyň uçar ganaty

13.03.2026

Ahalteke bedewlerimiz — halkymyzyň uçar ganaty, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany, ata-babalarymyzyň janly mirasydyr. Şoňa görä-de, parahatsöýüji Watanymyzyň ösüş ýolunyň «bedew batly ösüşler» diýlip beýan edilmeginde uly many bar. Çünki türkmen bedewleri ýyndamlygy, gözelligi, umuman, birnäçe aýratynlyklary bilen öňe saýlanýar. Bu bolsa halkymyzyň atşynaslyk sungaty bilen has irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli işleriň netijesinde türkmen atşynaslary milli tejribelerimizi dünýä tejribeleri bilen utgaşdyryp, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýynyň has-da belende göterilýändigini, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny mälim edýär.

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy saklamaga uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.

Ahalteke bedewlerimiziň gazanýan ýeňişleri olaryň näderejede ýyndamlygyndan, gözelliginden habar berip, türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň köpasyrlyk atçylyk tejribesini, tälimlerini, zehinini we ussatlygyny dünýä äşgär edýär. Ýeri gelende, Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ilkinji aýynda gazanan halkara ýeňşi geljekki üstünlikleriň we ýetiljek täze sepgitleriň buşlukçysydyr.

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar surat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

emeli an THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Emeli aň – XXI asyryň trendi

Soňkylar Makalalar

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil

Telekeçilik – ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

08.04.2026
Telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylmagy milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda strategik ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda hususy pudagyň
GitTop