Dark
Light
05.10.2026
saglyk new 26 THE ASHGABAT TIMES

Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy

20.03.2026

Parasatly pederlerimiz: «Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy saglyk» diýip, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Täze taryhy döwrümizde şeýle asylly ýol-ýörelgeleriň Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändigi ählimizi diýseň buýsandyrýar. Çünki ilatyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen hem-de häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çap edilmegi halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup işe girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy munuň aýdyň beýany bolup, kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýär. Bu sözler adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny alamatlandyryp, kalbymyza aýratyn ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz yayla THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nowruz nagmalary – bagtyýarlygyň beýany

tapi toph THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TAPI — sebitara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop