Dark
Light
07.10.2026
mugallymm 1 THE ASHGABAT TIMES

Halypa-şägirtlik ýoly mugallymçylyk kesbinde

23.03.2026

Mugallymçylyk hünäri diňe bir nazary bilimleri bermek däl, eýsem ynsan kalbyny terbiýelemek sungatydyr. Bu mukaddes ýolda kämilleşmegiň, hünär ussatlygynyň inçe syrlaryna aralaşmagyň iň ygtybarly we synagdan geçen usuly bolsa asyrlar aşyp gelýän halypa-şägirtlik mekdebidir. “Halypa bolmasa, hünär ýok” diýen pähimden ugur alýan halkymyz üçin bu ýol diňe bir iş tejribesi däl, eýsem uly durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär.

Ýaş mugallym üçin ilkinji ädimler elmydama gözlegler we käbir kynçylyklar bilen utgaşýar. Kitaplarda berilýän maglumatlar mugallymçylyk işiniň sütünini düzse-de, okuwçylar bilen aragatnaşyk gurmagyň, her bir çaganyň häsiýetine görä çemeleşmegiň syrlaryny diňe tejribeli halypanyň ýanynda öwrenip bolýar. Halypa mugallym öz şägirdine sapagy nähili gyzykly guramagy, wagty dogry dolandyrmagy we çylşyrymly temalary ýönekeý dilde düşündirmegiň usullaryny öwredýär. Bu bolsa ýaş hünärmeniň özüne bolan ynamyny artdyrýar we hünär derejesiniň çalt ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary diňe hünär öwretmek bilen çäklenmeýär. Mugallymçylykda halypanyň şahsyýeti, onuň sabyrlylygy, işine bolan wepadarlygy we adamkärçilik sypatlary şägirt üçin nusgalyk mekdepdir. Halypasynyň okuwçylara bolan mährini, kärdeşleri bilen sylaşygyny we jemgyýetdäki abraýyny görýän ýaş mugallym şol derejä ýetmäge çalyşýar. Şeýlelikde, bu mukaddes ýol mugallymçylyk etikasynyň nesilden-nesle kämil görnüşde geçmegini üpjün edýär.

Häzirki döwürde bilim ulgamynda täze tehnologiýalar we döwrebap usullar giňden ulanylsa-da, halypanyň öwüt-ündewiniň orny elmydama üýtgewsiz galýar. Ýaşlaryň täzeçe garaýyşlary bilen halypalaryň baý tejribesi utgaşanda, bilim bermegiň hili has-da ýokarlanýar. Halypasyna hormat goýýan şägirt, geljekde özi hem hakyky halypa bolup ýetişýär.

Netije hökmünde aýtsak, halypa-şägirtlik ýoly mugallymçylyk kesbininiň ruhy sütünidir. Bu ýörelge dowam etdigiçe, bilim ojaklarynda öz kärini söýýän, kämil we Watana wepaly mugallymlar kemala gelmegini dowam eder.

Ferangiz KADYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yylyn sygar bedew 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýylyň şygary – ösüşleriň we rowaçlyklaryň röwşen kepili

bahar pasyl THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bahar pasly – gözellik, söýgi we baky ýaşaýyş

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop