Dark
Light
09.08.2026
gazna 5 yyl THE ASHGABAT TIMES

Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan dabara

30.03.2026

Düýn, 29-njy martda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Dabaranyň dowamynda sahawatly ýörelgeleri ösdürmekde işjeňlik görkezen halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany okaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnany mynasyp bolan sylaglary bilen gutlap, olara “Arkadag” medalyny gowşurdy. Munuň özi halkymyzyň ýagşy dessurlaryny ilerletmek, Türkmenistanyň haýyr-sahawat ýörelgelerini halkara giňişlikde wagyz etmek ugrunda edilýän tagallalara berlen mynasyp baha hökmünde kabul edildi.

Çäräniň dowamynda dabara gatnaşyjylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olarda ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen sogaply işleri amala aşyrýandygy bellenildi. Çykyş edenler türkmen halkyna mahsus asylly däpleriň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýän gaznanyň işine mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw etdiler. 

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bilen dowam etdi. 

Nurana NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

messi 900 goals THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Lionel Messi 900 karýera golyna ýetdi

caga we kitap THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çaga zähmetini guramagyň özboluşly aýratynlyklary

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop