Dark
Light
12.09.2026
gazna surat THE ASHGABAT TIMES

Haýyr-sahawat – ýaşaýşa dowamat

26.03.2026

Diýarymyzda geljegimiz bolan çagalaryň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr.

Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, olarda belent ynsanperwer häsiýetleriň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalary etdi. Häzirki wagtda bu tagallalar Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri arkaly dowamata atarylýar.

Milli Liderimiz: «Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris. Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir! Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr» diýmek bilen, olary atalyk mähri bilen gurşap alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda mährem enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagynda-da uly many bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 7-nji martynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, guraljak çäreleriň ýaş nesillerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan ajaýyp pursatlara beslenmelidigini aýtdy. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda amal edilýän nusgalyk işleri giňden wagyz etmekde nobatdaky ähmiýetli waka bolar.

Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

23122023 gazna 960x511 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

dessan bagsy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dessançylyk sungaty – milli mirasyň çeşmesi

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop