Dark
Light
12.09.2026
gyz edebi el is THE ASHGABAT TIMES

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär. Çünki bahar pasly özi bilen Halkara zenanlar baýramçylygyny hem alyp geldi. Bu baýramyň döwlet derejesinde bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zenanlara goýulýan belent sarpanyň, hormatyň nyşanydyr.

Şöhratly taryhymyzdan bilşimiz ýaly, türkmeniň geçmişinde belent ykbally zenanlar bir ýa iki bolmandyr. Olaryň içinden tutuş halky agzyna garadyp bilen hanlar-da, alymlar-da, zehinli şahyrlardyr sazandalar-da bolupdyr. Türkmen zenanlarynyň özlerini watansöýüji, ar-namysly, edep-ekramly, salyhatly, gaýratly, süňňi sagdyn, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadandyklary dogrusyndaky maglumatlar taryhyň sahypalarynda aýratyn orun alypdyr. Taryhda zenanlaryň tutýan orny baradaky pikirler geçmişde baky yz goýan zenan şahsyýetleri — Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Agaýunus peri, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn, Güljemal han, Sülgün han… ýaly edermenligiň taýsyz nusgalaryny biygtyýar ýadyňa salýar.

Türkmen zenanlary Beýik Watançylyk urşunda hem gaýratlylyk görkezipdirler. Şol wagtky Türkmen döwlet medisina institutynyň 140-dan gowrak zenan uçurymy urşuň gidýän ýerlerinde — meýdan hassahanalarynda, saglygy goraýyş-arassaçylyk batalýonlarynda işläp, Watan goragyna gatnaşypdyrlar. Medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa, şeýle-de Dürjemal Ysmaýylowa, M.Bagşyýewa, K.Kulyýewa, A.Orazowa… dagylaryň uruşda bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok. Olar II Jahan urşunyň ýalnyndan doly geçdiler.

Dünýäniň görküne deňelýän eneleri, Zeminiň zynaty hasaplanýan gelin-gyzlary hormatlamagyň asyrlar aşan parasatly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň özi-de eneler hakynda aýdylanlaryň, ýazylanlaryň üstüni ýetirýär, kalba ýakymly ene sözüniň, sözleri alkyşly zenanlaryň, eli çeper gyzlaryň ynsan aňyýetinde, umumadamzat durmuşynda tutýan ornuny belende göterýär.

Bu günki gün Diýarymyzyň owadan baharlarynyň başy ýene-de gözel tebigatymyzyň ajaýyplygy bilen bäs edýän gül ýüzli zenanlarymyzyň baýramy bilen başlanýar. Biz bu günki ajaýyp günlerimizde öz mähribanlarymyza ähli gowulyklary arzuwlap, tüýs ýürekden gutlaýarys. Eziz enelerimiziň, zenanlarymyzyň mähir-muhabbetden doly ýüzleri hemişe ýylgyryp dursun!

Laçyn HÜMMEDOWA,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň EHM-niň operatory.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1772653049791 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdep okuwçylarynyň taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

swkr6p7ud3tskqdq8mweyoehm6r9ki 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop