Dark
Light
12.06.2026
ppyucto6heswnapewkeoa5asrznusm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

11.03.2026

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, kiçi komitetiň başlygy Gurbanmyrat Myradalyýewiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, hytaý tarapyndan kiçi komitetiň başlygy Gao Çženiň başlyklyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Soňky ýyllarda geçirilen möhüm ikitaraplaýyn çäreleriň netijesinde bilim, medeniýet, arheologiýa we syýahatçylyk ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berlendigi bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» ösüş strategiýasyny «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak maksady bilen, iki ýurduň halklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň we özara düşünişmegiň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini bellediler. Ylym we bilim taslamalary, şeýle hem syýahatçylyk we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň çäklerinde köptaraplaýyn diplomatiýa, ilkinji nobatda bolsa «Merkezi Aziýa—Hytaý» formatynyň çäklerinde ynsanperwer ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, duşuşygyň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenan mid as THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi

halk maslahatynyn diwany THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady

Soňkylar Habar

GitTop