Dark
Light
05.10.2026
saglyk derman THE ASHGABAT TIMES

Il saglygy – ýurt baýlygy

25.03.2026

Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda täze saglygy goraýyş merkezleri, döwrebap hassahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Saglyk ruhubelentligiň çeşmesi hasaplanýar. Ilatyň saglygy döwletiň kuwwatynyň esasy görkezijileriniň biridir. Şu jähetden, halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän häzirki zaman lukmançylyk merkezlerinde, saglygy goraýyş desgalarynda adamlara lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramaga, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin sport hereketlerini wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, milli saglygy goraýyş ulgamynda ýokary netijeler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de bu günki günde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar.

Ýeri gelende, häzirki wagtda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylýandygyny, şunda ösen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa halk bähbitli işleriň oňyn netijesidir.

Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Maral HOJAKULYÝEWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hytay taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Hytaý: dostlugyň hakyky miwesi 

sgtn 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pähim-paýhasyň we parahatçylykly diplomatiýanyň dabaralanmasy

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop