Dark
Light
05.10.2026
sanly cozgut 25 THE ASHGABAT TIMES

Innowasion geljegiň binýady

14.03.2026

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim syýasaty halkymyzyň ruhy ýörelgelerini kämilleşdirmegiň, ýaş nesli hemmetaraplaýyn sagdyn we kämil şahsyýetler edip ýetişdirmegiň kuwwatly guralyna öwrüldi. Bu ulgam döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän we jemgyýeti öňe alyp barýan esasy hereketlendiriji güýçdür. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr».

Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Bu babatda ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwrümizde milli bilim syýasatymyzyň ýörelgeleri sanly ulgamy kämilleşdirmäge, bilim işiniň maksatlaryny we wezipelerini täze şertlere laýyklykda kesgitlemäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ylym-bilim ulgamynda dünýä derejeli sepgitlere ýetilýär. Aýratyn-da, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalaryň okuw işine işjeň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýäniň iň täze ylmy gazananlaryndan döwrebap derejede peýdalanmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamynyň döredýän amatlyklaryny biz bu gün her ädimde görýäris.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň zerurlyklary üçin ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Mahym MUHADOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly ulgam kiber 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly Ulgam-Döwrebap Ösüşiň Şerti

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik ynamyň eýeleri

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop