Dark
Light
09.08.2026
cagalar taze THE ASHGABAT TIMES

Kämil nesil – bagtyýar geljegiň binýady

30.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sagdyn, bilimli we kämil terbiýelenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalar bakja-bagy bolsa körpeleriň jemgyýetçilik durmuşyna ilkinji gadamlaryny ätýän, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sakarçäge etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň işgärler topary hökmünde biz hem öňümizde duran jogapkärli wezipäni çuňňur duýýarys.

Biziň çagalar bakja-bagymyzda bilim-terbiýeçilik işleri milli ýörelgelere we häzirki zaman pedagogikasynyň ösen usullaryna daýanýar. Çaganyň kalby ak kagyza meňzeýär; biz şol kagyzda watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň we ynsanperwerligiň ilkinji setirlerini ýazýarys. Biziň esasy maksadymyz bakja-bagymyzda döwrebap şertleri döretmek bilen bir hatarda, her bir terbiýeçiniň döredijilikli işlemegine, her bir körpäniň ukybynyň açylmagyna goldaw bermekdir.

Biz meýilnamalaýyn geçirilýän sapaklarymyzda oýun usullaryny, sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarys. Aýratyn hem, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihatlary, goşgy setirleri sapaklarda netijeli peýdalanylýar. Bu bolsa çagalaryň dünýägaraýşynyň giňemegine we ene dilimize bolan söýgüsiniň artmagyna ýardam edýär.

Maşgala bilen çagalar bagynyň arasyndaky jebislik hem biziň işimiziň aýrylmaz bölegidir. Ene-atalar bilen yzygiderli geçirilýän maslahatlar körpeleriň gylygyndaky we ukybyndaky üýtgeşmeleri dogry ugrukdyrmaga kömek edýär. Biziň bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpeleriň bagtyýar gülküsiniň arkasynda uly zähmet, söýgi we jogapkärçilik ýatyr. Geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil baradaky edýän taýsyz tagallalaryna mynasyp jogap berip, sagdyn we kämil nesilleri kemala getirmek ugrunda janaýaman zähmet çekeris.

Ogulbagt HOJADURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga we kitap THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çaga zähmetini guramagyň özboluşly aýratynlyklary

hytay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop