Dark
Light
10.06.2026
caga kitap 2 THE ASHGABAT TIMES

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026

Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň, sungatyň, pelsepäniň we durmuş hakykatlarynyň ýazga geçirilip saklanan görnüşidir. Adam kitap okamak arkaly diňe bir maglumat alman, eýsem, özüniň pikirleniş ukybyny ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär we şahsyýet hökmünde kemala gelýär.

Kitap söz baýlygyňy artdyrýar. Köp okaýan adam täze sözleri öwrenýär, olaryň manysyna düşünýär, şeýlelikde, onuň sözleýiş medeniýeti ýokarlanýar. Kitap adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär. Okamak arkaly dürli ýurtlaryň taryhy, medeniýeti, ylmy ösüşleri, edebiýaty bilen tanyş bolup bolýar. Çaga terbiýesi jemgyýetiň geljegini kesgitleýän iň möhüm ugurlaryň biridir. Çaganyň terbiýeli, edepli, bilimli we watansöýüji bolup ýetişmegi diňe mekdepden däl, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanýar. Kitap bolsa çaga terbiýesine täsir edýän iň güýçli serişdeleriň biridir.

Kitap okaýan çaga ýaşlykdan dogry bilen ýalňyşy tapawutlandyrmagy öwrenýär. Edebi eserlerde görkezilýän gahrymanlaryň gowy we ýaramaz häsiýetleri çaganyň pikirlenişine täsir edýär. Ol ýagşylygyň ahyrky netijede ýeňýändigini, erbetligiň bolsa jezasyz galmaýandygyny görýär. Şeýle ýagdaý çaganyň ahlak taýdan dogry terbiýelenmegine sebäp bolýar. Mundan başga-da, kitap çagada hyýal güýjüni, sabyrlylygy we ünsi güýçlendirýär. Kitap okaýan çaga okaýan wakasyny göz öňünde janlandyrýar. Ol gahrymanlaryň keşbini, olaryň ýaşaýan ýerlerini, başdan geçirýän ýagdaýlaryny öz hyýalynda döredýär. Bu bolsa döredijilik ukybynyň ösmegine ýol açýar.

Ýaşlaryň kitap okamaga höwesiniň artmagy üçin diňe «Kitap oka!» diýip tabşyrmak ýeterlik däldir. Ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek üçin birnäçe usul ulanylmaly. Ilki bilen, öýde kitap okamak medeniýeti bolmaly. Çaga ata-enesiniň elinde kitap gören pursadynda kitaba üns berýär. Ata-ene diňe çagany kitap okamaga mejbur etmän, özleri nusga bolmalydyr. Çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyk kitaplar saýlanyp berilmeli. Ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek jemgyýetiň geljegini goramakdyr. Sebäbi kitap okaýan nesil bilimlidir, güýçlüdir.

Gülendam TAŞPOLATOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenan gyz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalar baglarynyň körpeleri pul sowgatlaryny kabul etdiler

internet THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iň köp ulanylýan saýtlaryň sanawy düzüldi

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop