Dark
Light
13.09.2026
2222 THE ASHGABAT TIMES

Konsepsiýa hereketde: sapaklardan pursatlar

14.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli pedagogikanyň häzirki zaman ösüşlerini gazanmak üns merkezinde saklanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeler döwlet Maksatnamalaryndan, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň resmi esaslaryndan ugur alnyp amala aşyrylýar. Bu ugurda Mary welaýatynyň mekdebe çenli bilim-terbiýe düzümlerinde hem tassyklanylan meýilnamalar esasynda öňde goýlan guramaçylyk, okuw-usulyýet çäreleri netijeli alnyp barylýar.

1111 THE ASHGABAT TIMES

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde terbiýeçileriň we mugallymlaryň okuw maksatnamasy boýunça geçýän sapaklaryny we usullaryny öwrenmek, gazanylan tejribeleri ýaýratmak, esasan hem, sanly maglumat goruny baýlaşdyrmak ýaly maksatlardan ugur alnyp, sapak pursatlaryndan alnan fotosuratlaryň elektron bukjasynyň döredilendigi hem bu uguraky guramaçylyk çäreleriniň bir mysalydyr.

Sapak pursatlary boýunça Mary welaýatynyň etrapdyr, şäherlerinden onlarça çagalar bakja-baglarynda okuw-terbiýeçilik işlerinden alnan fotosuratlar bir bitewi elektron bukjada ýerleşdirilip, olardaky pursatlar çagalara bilim berlişiniň hilini, mazmunyny, sapaklarda peýdalanylýan okuw görkezme, paýlama esbaplaryny, bilim işgäriniň işjeňligini, sapak geçilýän ýeriň talabalaýyklygyny, çagalaryň aň-beden taýdan ösüşini, peýdalanylýan täze usullary beýan edýär. Bu welaýatyň çäginde özara tejribeleri alyşmakda, tapawutly we täzeçil mazmunly pursatlar arkaly tejribeleri öwrenmekde netijelidir.

3333 THE ASHGABAT TIMES

Şeýle usuly işleriň guralmagy pedagogik işgärlerde öz hünärine söýgi döredip, ähli pursatlarda hem maksadalaýyk işlemäge bolan höwesleri artdyrýar. Elbetde, iş pursatlaryndan foto toplumyň döredilmegi we dürli pursatlaryň surata düşürilmegi täze öwrenilýän we durmuşa geçirilýän usullar hakynda hünärmenler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändigine, terbiýeçileriň yhlasly zähmetiniň hemişe görülýändigine we üns merkezinde saklanylýandygyna düşünmeklerine itergi berýär.

Şeýle pedagogik işlere diňe bir resmi taýdan däl-de, ynsanperwer nukdaýnazardan seredilende hem ähmiýetlidir. Şeýle pursatlaryň elektron görnüşde toplanmagy zähmet ýyllaryndan ýadygärlik, çagalar üçin hem bilim basgançaklaryndan ýatlama, ata-eneler üçin hem bakja-bagynyň okuw işleri bilen tanyşmaklaryna gollanma bolup biler.  Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işlerini milli, syýasy we häzirki zaman pedagogik usullary arkaly kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary welaýat baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim umumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nurana geljegimiziň röwşen ýoly

mart ayy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mart aýynyň ahyrynda türkmenistanlylara näçe dynç alyş güni garaşýar?

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop