Dark
Light
18.07.2026
kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES

Maşgala – jemgyýetiň mukaddesligi

02.03.2026

Maşgala — jemgyýetiň özeni, döwletiň sarsmaz sütünidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryna, eneligi we çagalygy gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Biz ― Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy (RÝNÝ) bölüminiň işgärleri hökmünde her bir raýatyň hukuklarynyň we bähbitleriniň kanun esasynda goralmagyny üpjün etmekde jogapkärli wezipäni amala aşyrýarys. Biziň gündelik işimiz diňe bir namalary hasaba almakdan ybarat bolman, eýsem, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň talaplaryny we maşgala kanunçylygyny ilat arasynda giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Maşgala jemgyýetiň tebigy we esasy düzüm parçasydyr hemde onuň jemgyýetiň we döwletiň goragyna hukugy bardyr. Esasy Kanunymyzda maşgala barada berkidilen hukuk kadasynyň astynda 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi kabul edildi. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy, maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kemala getirilmegi, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek arkaly maşgala hakynda alada edilmegine, maşgalalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi, olaryň saglygynyň goralmagy, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy, atalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini maksat edinýär.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksi her bir raýatyň maşgala gatnaşyklaryndaky hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän esasy hukuk binýadydyr. Daşoguz welaýat RÝNÝ bölüminde işleýän hünärmenler hökmünde, biz nika baglaşmak üçin ýüz tutýan ýaşlara maşgala gurmagyň hukuk esaslaryny, är-aýalyň özara borçlaryny we jogapkärçiliklerini yzygiderli düşündirýäris. Maşgala durmuşyna gadam basýan ýaş juwanlaryň öz hukuklaryny bilmegi geljekde döräp biljek dürli hukuk düşünişmezlikleriniň öňüni almaga we maşgala binýadynyň sarsmaz bolmagyna ýardam edýär.

RÝNÝ işgärleriniň alyp barýan asylly hyzmaty halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Daşoguz welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan her bir hasaba alyş işinde biz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanyp, raýatlara edilýän hyzmatyň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Türkmen maşgalasynyň berk binýadyny kanunçylyk taýdan üpjün etmekde we halkymyza ak ýürekden hyzmat etmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Milli kanunçylygymyzy wagyz etmek, her bir raýatyň durmuşyna hukuk taýdan goldaw bermek we kämil jemgyýeti kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr.

Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň Daşoguz welaýat RÝNÝ bölüminiň esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenanlar f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenan sarpasynyň nusgasy

caga bilim dunya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirýäris

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop