Dark
Light
18.07.2026
zenanlar guni THE ASHGABAT TIMES

Maşgala ojagynyň zynaty zenan

02.03.2026

Türkmen jemgyýetinde zenan gözellik çeşmesidir. Dünýäniň ähli gözelliklerini zenan waspynda ulanýarlar. Zenan bu dünýäniň bezegidir. Türkmen ýazyny ýada salýan nepis haly, keçe, keşde, älemgoşardan reňk alan elwan matalar bularyň hemmesi hem zenan aňynyň önümidir. Şoňa görä-de, her ýylyň 8-nji martynda bütin dünýäde, şol sanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem Halkara zenanlar gününiň uly dabaralar bilen bellenilip geçilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen zenany döwür bilen aýakdaş barýar. Türkmenistanda döwlet-jemgyýetçilik ösüşini amala aşyrmagyň ähli ugurlarynda zenanlaryň işjeň orny bardyr. Olara jemgyýetde öz mynasyp ornuna eýe bolmaga, döwlet işlerinde jogapkärli wezipeleri alyp barmaga, giň demokratik esaslarda saýlawlara gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga, intellektual ulgamlarda öz döredijiligini ösdürmäge, harby we hukuk goraýjy edaralarda zähmet çekmäge doly mümkinçilikler döredilendir.

Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün ajaýyp zamanamyzda, bagtyýar durmuşymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň zenanlara goýýan çäksiz hormaty, ýurdumyzyň abraý-mertebesi, türkmen topragynda bitirilýän beýik işler bilen ganatlanýarlar. Harby gullukçy zenanlar bolsa harby edaralarda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmet çekip, türkmen zenanlarynyň dogumyny, güýç-gaýratyny görkezip, jebis türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan harby ugry ösdürmekde saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Bu günki gün Diýarymyzyň owadan baharlarynyň başy ýene-de gözel tebigatymyzyň ajaýyplygy bilen bäs edýän gül ýüzli zenanlarymyzyň baýramy bilen başlanýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlaryň, eneleriň ornuny, hormatyny has-da beýgeldýär. Ine, şol buýsançly duýgulary baýdak edinip, biz bu günki ajaýyp günlerimizde öz mähribanlarymyza ähli gowulyklary arzuwlap, tüýs ýürekden gutlaýarys. Eziz enelerimiziň, zenanlarymyzyň mähir-muhabbetden doly ýüzleri hemişe ýylgyryp dursun!

Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga bilim dunya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirýäris

mekdep mugallym 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç bilim berk bolmaly

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop