Dark
Light
21.04.2026
caga bilim terbiye THE ASHGABAT TIMES

Mekdebe çenli bilim we terbiýe – geljegiň binýady

31.03.2026

Çagalyk döwri ynsan durmuşynyň iň çeýe we öwrenişmäge ukyply wagtydyr. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, adamyň aň-düşünjesiniň we häsiýetiniň esasy bölegi hut kiçi ýaşlarda çenli kemala gelýär. Şonuň üçin hem mekdebe çenli edaralarda berilýän bilim we terbiýe diňe bir çagany mekdebe taýýarlamak däl, eýsem ony durmuşa taýýarlamakdyr. Bu tapgyrda berilýän dogry terbiýe çaganyň özüne bolan ynamyny artdyrýar, töweregindäki dünýä bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamagyny üpjün edýär.

Mekdebe çenli bilimiň esasy wezipeleriniň biri çaganyň aň-paýhasyny ösdürmekdir. Bakja ýaşyndaky çagalar maglumatlary bilesigelijilik bilen kabul edýärler. Olar oýunlaryň, şekilleriň we sesleriň üsti bilen logiki pikirlenmegi, deňleşdirmegi we jemlemegi öwrenýärler. Terbiýeçiler dürli didaktiki oýunlar arkaly çaganyň ünsüni, ýadyny we hyýalyny kämilleşdirýärler. Bu döwürde alnan bilimler çaganyň mekdepde dersleri aňsat özleşdirmegine we döredijilikli çemeleşmeleriniň ösmegine uly ýardam berýär.

Bilim bilen bir hatarda, ahlak terbiýesi hem bu döwrüň aýrylmaz bölegidir. Çagalarda ulylara hormat, kiçilere şepagat, zähmete söýgi we watançylyk duýgulary hut mekdebe çenli döwürde kemala getirilýär. Toparlaýyn meşgullanmak arkaly olar köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalaryny, paýlaşmagy we biri-biriňe kömek etmegi öwrenýärler. Milli oýunlar, nakyllar we atalar sözi arkaly çagalaryň aňyna halkymyzyň asylly däp-dessurlary guýulýar. Bu bolsa ruhy taýdan sagdyn nesliň ýetişmegine amatly şert döredýär.

Mekdebe çenli terbiýeçilik işinde maşgala bilen çagalar bagynyň hyzmatdaşlygy hem möhüm orun tutýar. Terbiýe — bu diňe bir taraply amal däl-de, eýsem jemgyýetiň, mekdep ýaşyna çenli edaralaryň we ene-atalaryň bitewi tagallasydyr. Ene-atalar çagalar bagynda berilýän terbiýäni öýde dowam etdirseler, netije has täsirli bolýar. Şeýlelikde, döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglary we kämil usulyýetler esasynda terbiýelenýän ýaş nesil geljekde ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak hakyky şahsyýetler bolup ýetişýärler.

Netijede, mekdebe çenli bilim we terbiýe — bu biziň ertirki günümizdir. Çaganyň aňyna ýaşlykdan ekilen ylym we edep tohumlary, wagtyň geçmegi bilen kämil bir baga öwrülip, jemgyýetimize ajaýyp miwelerini berer. Ýaş nesle berilýän üns bolsa döwletiň we milletiň geljegine goýulýan iň uly maýa goýumydyr.

Göwher ATABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk yoris THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň nyşany

zam 9756 new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Terbiýeçilik işinde döwrebap usullar we milli tejribe

Soňkylar Makalalar

Bilim we psihologiýa: ösüş we kämillik

20.04.2026
Bilim we psihologiýa biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar bitewi bir ulgamyň iki tarapy ýalydyr. Bilim bermek maglumatlaryň kabul edilişini, özleşdirilişini we adamyň içki

Bilim-terbiýeçilik işleriniň milli kökleri

20.04.2026
Bilim we terbiýe islendik halkyň geljegini, ruhy bitewüligini we döwletliligni kesgitleýän esasy sütünlerdir. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda bilim-terbiýeçilik işleri ynsany kemala getirmegiň milli mekdebine

Matematika – akylyň hazynasy

20.04.2026
Matematika diňe bir sanlaryň we amallaryň jemlenmesi däl-de, eýsem adamzat akylynyň iň kämil we logiki guralydyr. Ony “akylyň hazynasy” diýip atlandyrmaklygyň düýbünde çuňňur many

BEDEW BADY BILEN ROWAÇLANÝAN TUTUMLY IŞLER

16.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz her bir ýyly uly ylham we belent tutumlar bilen garşylaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de

Ýollar ile elter

16.04.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy hem ulag ulgamyny ösdürmekde, ýükleri we ýolagçylary
GitTop