Häzirki wagtda nesilleriň sagdyn we terbiýeli, sowatly we hünäre ukyply kemala getirilmegi hakyndaky aladalar barha işjeňleşdirilýär. Dünýä ýüzünde hemişe möhüm orunda durýan bu wezipeleriň Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy zamanasynda hem rowaçlanýandygyny bolsa mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerinde görmek bolýar. Biz hem makalamyzda çaga terbiýesi, ösüşi we bu ugurdaky usuly-pedagogik çäreleriň aýratynlyklary barada Mary welaýatynyň käbir çagalar bakja-baglarynyň bilim işgärleriniň çykyşlaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.
SAZLAŞYKLY ÖSÜŞI GAZANMAK UGRUNDA
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrundaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda işjeň durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň bölümlerinden, bölümçelerinden, ölçeglerinden we öwrediji çärelerinden ugur alnyp ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetine hem uly orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan hem çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä olaryň beden ösüşi, şahsy gigiýenasy, sosial-emosional ösüşi, okuw başarnyklary, daş-töwerek we tebigat bilen bagly düşünjeleri, okuw, ýazuw endikleri we beýleki ugurlar boýunça irki ösüşiň ähli tapgyrlarynyň kadalylygyny we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda terbiýeçileriň, şol sanda çagalar bakja-baglarynyň şepagat uýalarynyň hem öňünde uly wezipeler durýar. Käbir çagalar bilen aýratynlykda iş alyp barmak, ata-eneler bilen aragatnaşykda işlemek, çagalaryň standart ölçeglere laýyk mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekde ähli usullaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmeginde öwrediji oýunlar, gyzyklanma çärelerden ýerlikli peýdalanylmalydyr.
Çagalarda başarnyklary we endikleri kemala getirmekde ulularyň, maşgala agzalarynyň bilelikdäki gatnaşyklary ruhy taýdan goldanmakda hem netijelidir. Şoňa görä-de, çagalaryň sözleýşinde, hereketlerinde, duýgularynyň ösüşinde jogapkärçiligi duýmak, olaryň akyl we beden taýdan kämilligini gazanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň irki çagalyk döwründen başlap maksadalaýyk ösdürilip ýetişdirilmegi biziň has röwşen ertirlerimizi gurmak hakyndaky aladalarymyzyň esasydyr.
Gülşat GUMLYÝEWA,
Wekilbazar etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.
ÇAGALAR BAGYNDA ZÄHMET TERBIÝESI
Çagalar bagynyň terbiýeçileri mekdep ýaşyna ýetmedik körpelere ilkinji zähmet endiklerini berýärler we ulularyň zähmetini hormatlamak ýaly gymmatly ahlak häsiýetleri terbiýeleýärler. Zähmet çaganyň akylynyň, duýgularynyň ösmeginde, gyzyklanmalarynyň artmagynda, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmeginde möhüm rol oýnaýan serişdeleriň biridir. Çagalar bagynyň maksatnamasyna zähmetiň üç görnüşi girizilendir. Olar hojalyk zähmetinden (nobatçylyk), tebigatdaky zähmetden we gol zähmetinden ybaratdyr.
Zähmetiň her bir görnüşi çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň umumy meselelerini, şeýle hem zähmetiň diňe şol görnüşinde çözülip bilinjek anyk meseleleri ýerine ýetirmek üçin bellenendir. Mysal üçin, hojalyk zähmeti çagalary durmuş hyzmatynyň predmetleri bilen tanyş edýär. Körpeler ol predmetler bilen iş salyşmagy öwrenýärler. Şeýle hem olarda öz-özüňe hem-de köpçülige hyzmat etmegi başarmak endikleri kemala gelýär. Çagalar tebigat bilen bagly zähmetde ösümlikler we haýwanlar bilen tanyşýarlar. Olar özleriniň ösmekleri we ulalmaklary üçin nähili şertleriň döredilmelidigine göz ýetirýärler. Körpeler gol zähmetinde bolsa kartonyň, matalaryň, agaçlaryň we beýleki materiallaryň hili we aýratynlyklary barada köp zatlary bilýärler. Bu meşgullanmalarda çagalara geljekde gerek boljak endikleriň birnäçesi öwredilýär. Ondan başga-da zähmetiň görnüşleri näçe köpdürli bolsa, şonça hem çagalaryň elleriniň myşsalaryny berkitmäge, olaryň göz çenini kämilleşdirmäge oňat şertler döredýär.
Maral ORAZGELDIÝEWA,
Mary şäheriniň 52-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
DAŞARY ÝURT DILLERI WE ÇAGALYK
Dil öwretmekde çagalyk döwri çylşyrymly, şol sanda-da örän amatly döwürdir. Körpeleriň aň penjireleriniň açylýan döwründe daşary ýurt dillerinde ilkinji sözleýiş başarnyklaryny kemala getirmekde bakja-baglaryň usulyýetine uly orun degişli bolup durýar. Şol sanda çagalara iňlis dilini öwretmegiň ilkinji ädimlerinde sanly bilim serişdeleriniň we oýun usullarynyň täsiri has-da netijelidir. Kompyuterde, interaktiw tagtalarda çyzgylaryň, hereketleriň peýdalanylmagy bilen dürli görnüşleriň şekillendirilmegi çagany özüne çekýär, öwredilýän maglumata ünsi çekilýär. Çaga dünýäsi oýny talap edýär Şu nukdaýnazardan, kompýuterde, interaktiw tagtada berilýän ýumuşlaryň oýun görnüşinde bolmagy has hem özüne çekijidir.
Çagalara oýnawaçlary sypatlandyrmak işleri öwrediji oýunlaryň üsti bilen geçirilýär («Jadyly haltajyk», «Bu näme?», «Bu kim?»). Çagalar üçin oýnawaçlary saýlap almagyň öz aýratynlygy bardyr. Oýnawaçlar atlary boýunça birmeňzeş bolup bilerler, ýöne daşky görnuşi boýunça dürli bolmalydyr (uly-kiçi atjagazlar, gyzyl-ýaşyl toplar we ş.m). Deňeşdirme usuly çaganyň söz baýlygynyň kämilleşmegine baglanyşykly sözleýşiniň ösmegine kömek edýär. Oýnawaçlary sypatlandyrmaklyk ony synlamakdan başlaýar. Terbiýeçi çagalaryň ünsüni oýnawajyň daşky görnüşiniň aýratynlygyna (reňkine, şekiline. hiline) çekýär. Oýnawajy sypatlandyrmak, ol barada gürrüň bermek terbiýeçiniň soragy arkaly geçirilýär.
Gülşat ÖWEZOWA,
Murgap etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy.
***
Bilim-terbiýeçilik işgärleriniň çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, bagtyýar nesillerimiz hakyndaky we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrundaky okuw-terbiýeçilik işleri köpugurly we toplumlaýyn mazmuna eýedir. Bu babatdaky ähli usulyýet, guramaçylyk we okuw-terbiýeçilik işlerini milli we halkara derejede utgaşykly alyp barmak, döwrebaplaşdyrmak we täze tejribeleri öwrenmek üçin bolsa ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Nesil terbiýesinde, pedagogik hünärlerde netijeli zähmet çekmek üçin bolsa ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Taýýarlan: Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, KA-nyň işjeň agzasy.