Dark
Light
13.04.2026
merkezi aziya yurtlarynyn lide 5487e79fa0ccd0b79e5d4a4c8ced005d sm THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri Astanada geçiriljek AHHG-nyň mejlisine gatnaşarlar

31.03.2026

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýagny, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Liderleri Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin 22-nji aprelde Astana şäherine bararlar. Bu barada Gazagystanyň hökümetiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow duşenbe güni Astanada Türkmenistanyň wise-premýeri Taňgryguly Atahallyýew, Täjigistanyň wise-premýeri Sulaýmon Ziýozoda, Özbegistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Şuhrat Ganiýew, Özbegistanyň suw hojalygy ministri Şawkat Hamraýew, Gyrgyzystanyň Suw serişdeleri gullugynyň direktorynyň orunbasary Almaz Žeenaliýew, AHHG -nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Askat Orazbaý, şeýle hem Gazagystanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda AHHG-nyň esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň geçiriljek senesini mälim etdi.

Taraplar suw ulgamy boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini, gaznanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini we öňde boljak sammite taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda suw hasabynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi we gatnaşyjylar Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň basseýnlerinde suw serişdelerini gözegçilikde saklamak hem-de paýlamak üçin bitewi awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde gaznanyň institutlarynyň arasynda utgaşdyrylyşy gowulandyrmak we kabul edilen çözgütleriň has netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen AHHG-nyň guramaçylyk gurluşyny we hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

AHHG Gazagystany, Täjigistany, Türkmenistany, Özbegistany, Gyrgyzystany bir ýere jemleýär we Aral deňzini dikeltmek hem-de onuň sebitdäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin bilelikdäki ekologiýa, ylmy we amaly maksatnamalary durmuşa geçirýär. Gazagystan 2024–2026-njy ýyllar aralygynda gazna başlyklyk edýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rus film THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda rus kinofilmleriniň festiwaly guraldy

rawsanbek THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop