2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitiniň ýaş diplomatlarynyň we döwlet gullukçylarynyň özara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakdan hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi L.Ferrari, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S. Konlon we BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy K.Goşlyýew dagylar çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň diňe bir milli bähbitlerimize laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde dünýä bileleşiginde ykrar edilendigi aýratyn nygtaldy.
«THE ASHGABAT TIMES».