“Liwerpul” toparynyň we dünýä futbolynyň iň görnükli simwolarynyň biri bolan Mohamed Salah, şu möwsümiň ahyrynda iňlis klubyndan gidýändigini resmi taýdan mälim etdi. 33 ýaşyndaky hüjümçi özüniň geljegi baradaky garaşylýan habary sosial media hasabynda paýlaşan ýörite wideoroligi arkaly janköýerlerine ýetirdi.
Salah özüniň hoşlaşyk ýüzlenmesinde toparyň ähli agzalaryna we janköýerlere çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. “Men bu klubdaky hemmelere köp sag bolsun aýdýaryn. Esasan hem öňki we häzirki topardaşlaryma, meni hemişe goldan janköýerlere minnetdarlygymyň çägi ýok” diýen ýyldyz oýunçy, “Enfildiň” hemişe öz öýi bolup galjakdygyny we klubyň meşhur şygaryna salgylanyp, mundan soň hem “hiç haçan ýalňyz ýöremejekdigini” aýratyn nygtady.
2017-nji ýylyň tomsunda “Roma” toparyndan transfer edilen Salah, “Liwerpulda” geçiren 9 ýylynyň dowamynda hakyky taryh ýazdy. Ol bu döwürde jemi 9 sany uly kubogyň eýesi boldy. Onuň gazananlarynyň arasynda iki gezek Premier Liga çempionlygy, bir gezek Çempionlar Ligasy kubogy, şeýle hem FA Kubogy, Liga Kubogy, UEFA Super Kubogy we FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaly abraýly baýraklar bar.
Müsürli futbolçy iňlis toparynyň düzüminde 435 oýunda meýdança çykyp, 255 gol urmagy we 122 asist etmegi başardy. Salah 191 gol bilen Premier Liganyň taryhynda iň köp gol salan dördünji oýunçy bolmak bilen bir hatarda, liganyň iň netijeli daşary ýurtly we afrikaly futbolçysy unwanyny hem özünde saklaýar. Şeýle-de bolsa, ol iki gezek Angliýada “Ýylyň futbolçysy” diýlip ykrar edildi.
Geçen ýylyň çempiony “Liwerpul” möwsüme şowly başlan hem bolsa, soňrak netijeleriň peselmegi we Salahyň baş tälimçi Arno Slot bilen arasyndaky gatnaşyklaryň bökdençliklere uçramagy bu aýrylyşygyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde görkezilýär. Eýýäm gyşky transfer döwründe hem futbolçynyň klubdan gitjekdigi barada gürrüňler ýaýrapdy.
Salahyň mundan soňky menziliniň Saud Arabystanynyň ýa-da Amerikanyň (MLS) klublarynyň biri boljakdygy çaklanylýar. Ýatladyp geçsek, mundan ozalky transfer möwsümlerinde arap klublary ýyldyz oýunçy üçin rekord bahaly teklipleri hödürläpdiler.