Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň ynsan ähline eçilýän tükenmez baýlyklary, peşgeşleri biziň durmuşymyzda we geljegimizde şöhlelenýär. Parahat ülkämizde säher bilen sag-gurgun oýanmak uly bagtdan nyşan. Soňra paýtagt şäherimiziň Köpetdagyň etegindäki gözel tebigat bilen sazlaşan gözelliklerini synlap işe ugramak we öndürijilikli zähmet çekmek her bir türkmenistanly üçin bahasyna ýetip bolmajak döwletdir.
Edebiýatda tebigat temasy gadymy döwürlerden beýan edilip gelinýär. Tebigat temasynyň işlenilişiniň taryhy köklerini, çeperçilik gymmatlyklaryny, ösüş ýagdaýlaryny, peýzaž lirikasynyň inçeligini açyp görkezmek, beýan edilýän tebigatyň durmuş hakykatyna gatnaşygyny ylmy esasda derňäp öwrenmek wajyp bolup durýar. Türkmen nakgaşçylyk sungatynda peýzaž eserleriniň çeperçilik we mazmun aýratynlyklary ýüze çykarylýar. Türkmen tebigatynyň gözellikleri ýagty kölegeli reňklerde beýan edilýär. Türkmen suratkeşleri Watanymyzyň ajaýyp tebigy gözelliklerini, gaýtalanmajak tebigy baýlyklarymyzy kendire siňdirip, sungat eserlerini ýyldan-ýyla aşyrýarlar. Peýzaž eserleri nakgaşçylyk sungatynda beýan edilende ol has-da owadan bolýar. Nakgaşçylyk sungatyndaky peýzaž eserleriniň nesil terbiýesindäki orny wajypdyr. Ýaşlarda Watana bolan söýgüni oýarmakda we gözellik duýgusynyň inçeligini açmakda we ekologiýa terbiýesini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan hem halypa suratkeşler we ýaş suratkeşler peýzaž žanrynyň ähli görnüşlerinde işleýärler. Aşgabat şäherimiziň gözel tebigatyny Watanymyzyň şöhrata beslenýän ösüşlerinden habar berýän binalaryň gözel keşbi bilen sazlaşdyryp çeper beýan edýärler. Häzirki nakgaşçylyk sungatynda bu günki hakykatyň janly keşbini döretmek wezipe bolup durýar. Ussat suratkeşler gadymy çeperçilik däplerini gaýtadan işläp döredijilikde synaýarlar. Munuň şeýledigine milli peýzažlary synlanymyzda göz ýetirýäris.
Owadan sähralarymyzy beýan edýän peýzažlar hem ynsanyň tebigata bolan gatnaşygynyň mazmuny, usuly, serişdeleri, Watan tebigatyna bolan söýginiň watançylyk terbiýesini, ekologiýa terbiýesini bermekdäki ähmiýeti sungat serişdeleriniň kömegi synlaýja ýetirilýär. Sergin sähralar diýlende Garagumyň sähralyklary we olarda bitýän ösümlikler, bahar paslyndaky dag we sähra gözellikleri göz öňünde janlanýar. Garagum sährasynda bitýän üzärligiň, sazagyň, burçuň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny bellidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bu ösümlikleriň adam saglygy üçin ähmiýetini aýrtyn belleýär.
Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda dermanlyk ot-çöpleri ulanypdyrlar. Şunuň esasynda halk lukmançylygy kemala gelipdir. Dünýä lukmançylygynyň taryhynda Ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly meşhur türkmen alymlary öçmejek yz galdyrypdyrlar. X asyrda doglan meşhur lukman Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanuny», XI−XII asyrlarda ýaşan Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby», XI asyryň beýik alymy Abu Reýhan Birunynyň ösümlikler, haýwanlar, magdanlar, däri-dermanlar hakyndaky «Seýdana» (Farmasewtika), XIII asyrda ýaşan Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi», XIV asyryň belli lukmany Jelaleddin Hydyryň «Dertlere derman» kitaby ýaly işler tutuş adamzadyň lukmançylyk ylmyna uly goşant boldy.
Türkmen suratkeşleri Polat Garryýewiň «Garagum sährasy» 2018ý., Zakirjan Babaýewiň «Türkmen köli» 2020ý., A.Ataballyýewiň «Garagum» 2019ý., K.Seýitmuhammedowyň «Deňiz» 2009ý., A.Modyýewiň «Çeşme» we «Deňiz» 2019ý., W.Gurdowyň «Köpetdagyň etegi, tebigat» 2019 ý. ýaly işlerinde Garagum sährasynyň we gözel tebigatymyzyň gözellikleri açylyp görkezilýär. Tebigatyň ynsan ähline derman bolşy ýaly, suratkeşlerde hem ruhubelentlik, özüňe bolan ynam, maksada okgunlylyk ýaly duýgulary oýarýar. Sebäbi suratkeşleriň aglabasy bilen söhbetdeşlik geçirenimizde peýzaž eserlerini döredenlerinde olaryň dynç alýandygyny belleýärler.
Watanymyzyň tebigy gözelliklerini sungat eserlerinde beýan etmekde sungat işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň sungaty öwrenijileri bolsa dünýä inýän sungat eserlerini halkyň arasynda wagyz etmekde zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Milli sungatymyzy sarpalap, onuň halkara derejesine çykmagynda ägirt uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Şekillendiriş sungatynyň Sergi merkeziniň direktory.