Dark
Light
06.03.2026
nebitgaz uniwe THE ASHGABAT TIMES

Nebitgaz pudagynyň geljegi ýaş hünärmenleriň elinde

02.03.2026

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy sütüni bolan ýangyç-energetika toplumy özüniň täze ösüş basgançaklaryna gadam basýar. Biziň bilim alýan ojagymyzyň diňe bir hünär berýän mekdep däl, eýsem, uly ylmyň we innowasiýalaryň merkezidigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Häzirki wagtda dünýä energetika bazarynda sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň orny barha artýar. Biz okuw derslerimizde diňe bir nebit çykarmagyň usullaryny öwrenmän, eýsem, känleri sanly usulda modellemegi, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi guramagy we dünýäniň iň täze tehnologik çözgütlerini özleşdirýäris.

Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy baýlyklary bilen dünýäniň ünsüni çekýär. «Galkynyş» ýaly dünýä derejeli gaz känleriniň özleşdirilmegi we halkara gaz geçirijileriniň gurulmagy biz ýaly ýaş hünärmenleriň öňünde uly jogapkärçilik goýýar. Biz geljekde bu desgalarda işläp, Watanymyzyň rowaçlygyna goşant goşmalydygymyza oňat düşünýäris. Uniwersitetimizde döredilen döwrebap barlaghanalar we sanly bilim ulgamy bolsa bize şol belent sepgitlere ýetmäge ýol açýar.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, «ýaşyl» energetika we ekologiýa meseleleri hem biziň üns merkezimizde durýar. Nebit-gaz çykarylýan we gaýtadan işlenilýän ýerlerde daşky gurşawy goramak, önümçiligiň zyýanly galyndylaryny azaltmak we «mawy ýangyç» bolan tebigy gazy has netijeli ulanmak boýunça ylmy-tejribe işlerini alyp barýarys. Ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda uniwersitetimiziň ylmy gurnaklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Biz ol ýerde täze ideýalarymyzy orta atýarys, startap taslamalaryny taýýarlaýarys we halkara bäsleşiklerinde ýurdumyzyň adyny dabaralandyrmaga çalyşýarys.

Biz ― ýaş nesillere şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Biz geljekde öz hünärimiziň ussatlary bolup, Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny täze belentliklere götermäge taýýardyrys.

Enejan TAGAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

baslangyc s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim we terbiýäniň köprüsi

mekdep bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri

Soňkylar Makalalar

Hem mähriban, gahryman zenanlar

05.03.2026
Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär.

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

04.03.2026
Türkmen sährasynyň gözelligi ynsanlary ruhlandyrýar, ömürlerini uzaldýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sähralarymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Tebigatyň

Zenan – mähir dünýäsi

04.03.2026
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlaryň abadan durmuşda

Ene mukaddesdir

04.03.2026
Dünýäde iň mähriban, iň nurana we iň eziz ynsan kim diýseler, hiç hili ikirjiňlenmän «Ene» diýip jogap bererdik. Eneleriň mähri — biziň kalbymyzyň şuglasy,

Kitaply çaga – ganatly çaga

03.03.2026
Dünýä ýüzünde adamlary biri-birine baglaýan, pikirlerini baýlaşdyrýan, olaryň akyl derejesini ösdürýän iň gymmatly serişdeleriň biri hem kitapdyr. Kitap adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesiniň, ylmyň,
GitTop