Dark
Light
05.10.2026
nowruz THE ASHGABAT TIMES

Nowruz baýramy: sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik

15.03.2026

Nowruz döredijilige, zähmet ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgermegine çagyryş bolmak bilen, tebigata sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik eçilýär. Bagtyýarlygyň, abadançylygyň we belent maksatlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralar bilen bellenilýär.

Bilşimiz ýaly, Halkara Nowruz baýramçylygy her ýylyň mart aýynyň 21-22-sine döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. «Nowruz» pars sözi bolup, onuň terjimesi «Täze gün», «Täze ýyl» diýen manylary aňladýar. Alymlaryň bellemegine görä, Nowruz döwri — mart aýynyň 21-inden aprel aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Bu döwürde orta hasap bilen Türkmenistanyň günorta böleginde giçki çigrek howalar sowulmak bilen, ygalyň mukdary çürt-kesik artýar. Tebigat üç aýlap dowam eden sowuk gyşdan soňra aýratyn gözellige beslenýär, baglar, güller, ösümlikler gunçalap gül açýar, janly-jandar täze röwüş bilen tüýüni täzeleýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki ajaýyp giňişlige — döwlet derejesinde geçirilýän bu baýramyň uly dabaralara beslenýän ýerine Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Nowruz ýaýlasy» diýlip at dakyldy. Munuň özi bahar paslynyň gelmegi bilen ajaýyp görnüşe eýe bolýan giňişligiň türkmen halkynyň milli ruhuna laýyklykda atlandyrylandygyny görkezýär. Asylly däbe görä, baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töweregimiz abadanlaşdyrylýar.

Milli bahar baýramyňyz — Halkara Nowruz günüňiz gutly bolsun, mähriban ildeşler! Goý, bu baýramda ediljek arzuw-niýetler, yrym-ynançlar öz garaşylýan hasylyny bersin! Halkymyzyň geçmişine, milli mirasymyza, ruhy-medeni däplerimize sarpa goýup, şu günümizi beýgeldýän, ak ertirlerimizi ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Izzetgül SUHRABOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

semeni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze günüň we täzelenişiň toýy

golyazma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Edebiýat – ruhy gözellik çeşmesi

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop