Dark
Light
07.10.2026
nowruz goja 26 THE ASHGABAT TIMES

Nowruz geldi ilime

19.03.2026

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny we gadymy medeni taryhyny häzirki zaman ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, kalplara şatlyk paýlaýan baýramdyr. Nowruz pars dilinden terjime edilende «täze gün» ýa-da «täze ýyl» diýmekligi aňladýar. Bu baýramyň gelip çykyşy barada dürli çeşmelerde dürlüçe maglumatlar berilýär.

Şu ýerde bahar paslynyň datly tagamy bolan semeniniň hem hut Nowruz baýramynda taýýarlanylýandygyny bellemelidiris. Nowruz gelende hemmeleriň göwni ýaşyl maýsalar ýaly galkynyp, dünýä has-da gözelleşýär. Şonuň üçin hem semeni bu baýramyň aýrylmaz bölegi we bereketiň nyşany hasaplanýar. Halk arasyndaky yrymlara görä, semeni «Äşe-Patmanyň tagamy» hasaplanyp, ol mukaddes dessurlar bilen utgaşdyrylýar. Zenanlar tarapyndan agzybirlik we doga-dilegler bilen taýýarlanýan bu tagam diňe bir rysgal-bereketiň däl, eýsem, ynsan ruhunyň päkliginiň hem alamatydyr. Diýmek, Nowruz bakylygyň, täzelenişiň we ruhy dowamlylygyň nyşany bolup, nesilleri baglanyşdyryjy baýramçylykdyr.

Ata-babalarymyz Nowruzyň gelmegi bilen ekerançylyk we maldarçylyk işlerine içgin girişip, öz durmuşyny bereket-bolçulyga besläpdirler. Olar Babadaýhan, Burkut baba, Haýdar baba ýaly pirleriň ruhy güýjüne sygnyp, işleriniň rowaç bolmagyny diläpdirler. Gündogar senenamasynda Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly döwürler alabahar, çarwa nowruzy we nowruz ýaly atlar bilen tapawutlandyrylýar. Çarwa nowruzynyň alabahar döwründe garagyşyň doňy eräp, baglarda ilkinji pyntyklar şineleýär. Alabahar türkmen tebigatyna üýtgeşik bir howa akymyny getirýär. Halk arasynda «Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda» diýlişi ýaly, bu döwürde otlar çykyp başlaýar, ownuk mallar bolsa meýdanda gyltyma kowalaşyp ugraýar.

Umuman, Gündogar halklarynyň durmuşynda hoşniýetliligiň, täzelenişiň we agzybirligiň baýramyna öwrülen Nowruz biziň milli däp-dessurlarymyzy has-da dabaralandyrýar. Gözel baharyň ajaýyplyklaryny buşlap gelen Halkara Nowruz baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler! Goý, eziz Diýarymyzda toýlar toýa, baýramlar bolsa baýramlara ulaşsyn!

Aýbölek GURBANÝAZOWA,
Mary etrabynyň Çary Gurbangylyjow adyndaky 19-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

afghanistan expands exports vi 292264d5b2a58d2c4828fa183a1cce23 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Owganystan Türkmenistandan üstaşyr Lazurit geçelgesi arkaly haryt eksportyny işjeňleşdirýär

caga 26 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş nesiller – geljegiň eýeleri

Soňkylar Makalalar

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,
GitTop