Dark
Light
15.09.2026
nowruz yayla THE ASHGABAT TIMES

Nowruz nagmalary – bagtyýarlygyň beýany

20.03.2026

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, durmuş dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň, tutuş tebigatyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. “Nowruz” sözüniň manysy hem “täze gün” diýmegi aňladyp, bu günüň säherinde dogýan Güni ýüze sylyp, ýagşy arzuwlar bilen garşylamak asylly däbe öwrülipdir.

Nowruz baýramy ynsanyň kalbynda hem aňynda ýagşy häsiýetleri, hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, daşky gurşawa, tebigata uly söýgi döredýär. Bu baýramyň taryhy kökleri Gündogaryň meşhur akyldarlarynyň şahyrana eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, bu milli baýram häzirki wagtda hem jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, halklary dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere, parahatçylyga çagyrýar. 

Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilip, müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygyny bellemek gerek. Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar. Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

Dürli ELÝASOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ata Watanymyzyň bedew batly sepgitleri

saglyk new 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop