Dark
Light
15.09.2026
1773815007101 THE ASHGABAT TIMES

Nowruz nagmalary çagalaryň çykyşlarynda

18.03.2026

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikler aýratyn zehinleri ýüze çykarmakda, sungata, döredijilige bolan höwesleri artdyrmakda, bilimleri berkitmekde we öwrenilenleri özleşdirmekde, irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy gazanmakda, terbiýeçileriň guramaçylyk ukyplaryny we ussatlygyny pugtalandyrmakda we başga-da birnäçe oňyn ähmiýetli aýratynlyklara eýedir.

Her ýylda Halkara Nowruz güni ― Milli bahar baýramy mynasybetli çagalar bakja-baglarynyň körpelerinden düzülen folklor toparlarynyň arasynda geçirilýän «Nowruz nagmalary» atly körpeleriň halk döredijilik toparynyň çykyşlary boýunça  bäsleşigi hem şeýle ähmiýete eýedir. Milliligi we usulyýeti özboluşly birleşdirýän, çagalarda döredijilik we medeni ösüşi gazanmaga itergi berýän bu bäsleşigiň ýakynda Mary şäher tapgyry hem guramaçylykly geçirildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bäsleşigiň şäher tapgyrynda biziň çagalar bakja-bagymyzyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlaryndan düzülen çagalar hem baş baýraga mynasyp boldular. Bäsleşige pedagogik işgärler çagalary ykjam taýýarlap, folklorlaşdyrylan çykyşlaryny guramakda, çeper çykyşlary täsirli ýerine ýetirmeklerini gazanmakda netije görkezdiler. Milli lybasly çagalar bezelen sahnada terbiýeçilik ähmiýetli milli oýunlary, däp-dessurlardan, halk döredijiliginden parçalary degişli şertler boýunça ýerine ýetirdiler.

Bu üstünlik ähli bilim işgärlerimizi, körpelerimizi we ata-eneleri begendirdi. Biz hem öz döredijilik ukyplary arkaly nowruz nagmalary bilen döwrümiziň ösüşlerini buşlaýan körpelerimize welaýat derejesinde geçiriljek tapgyrda hem üstünlikleri arzuwlaýarys.

Gülşat ORAZOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tennis federasiyasy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy uly tennis boýunça açyk ussatlyk sapagyny geçirer

rus dili THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Rus dili sapaklarynda çaga terbiýesiniň orny we ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop