Dark
Light
05.10.2026
nowruz guni THE ASHGABAT TIMES

Nowruz – ýagşylygyň ilçisi

17.03.2026

Özüniň täsin yrymdyr däpleri bilen hemişe gyzyklandyryp gelýän Nowruz baýramy türki halklaryň içinde ýörgünli bolan iň gadymy baýramlaryň biri hasap edilýär. Nowruz baýramynyň milletbaşymyz Oguz han döwründen bäri gaýdýandygy hakynda Abulgazy Bahadurhanyň «Oguznama» eserinde hem aýdylyp geçilýär.

Soňlugy bilen bu baýramyň otparazçylygyň dörän ýeri bolan Marguş döwletinde bellenilendigine «Awesta» kitabynyň üsti bilen, Göktürkmenleriň döwletinde hem giňden ýaýrandygyna «Ergenekon» dessanynyň,  Seljuk türkmenleriniň döwletinde hem meşhur bolandygyna Nyzamylmülküň «Syýasatnama», Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany», Ýusup Balasagunlynyň «Bagt getiriji bilim», Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserleriniň esasynda hem anyk göz ýetirmek bolýar.

Taryhy bäş müň ýyla uzaýan bu ajaýyp baýram 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda öz halkynyň milli gymmatlyklaryna, baý medeni mirasyna çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Eýran, Täjigistan ýaly doganlyk döwletleriň hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldamagy bilen, her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip, yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Şeýlelikde, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýram hökmünde taryha girdi. Ýaşaýyşyň, ýaşlygyň pasly bolan bahar paslynda bellenilýän Halkara Nowruz baýramymyz gutly bolsun! Goý, täze günüň, täze ýylyň buşlukçysy Nowruz baýramynda ediljek arzuw-niýetler, yrym-ynançlar öz garaşylýan hasylyny bersin!

Jemal GUTLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz kollazh 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nowruz – umumadamzat gymmatlygy

deniz gurama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop