Dark
Light
13.09.2026
nowruz kollazh 26 THE ASHGABAT TIMES

Nowruz – umumadamzat gymmatlygy

17.03.2026

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, durmuşyň baky dowamatyny, hoşniýetliligi, ýokary ahlak taglymlaryny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Däp bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň birnäçe halklary bilen birlikde, türkmen halky hem Nowruz baýramyny giňden belleýär. Bu sene bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, umumadamzady parahatçylyga, dostluga we hoşniýetlilige çagyrýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr». Şunuň bilen baglylykda, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkara ähmiýetli wakadyr.

Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda Nowruz baýramynyň gelip çykyşy anyk taryhy mysallar arkaly giňişleýin düşündirilýär. Kitabyň «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölüminde: «Nowruz baýramynyň örän gadymy döwürlerde, ata-babalarymyzyň parasady bilen döredilen baýramdygyna söz bolup bilmez» diýlip beýan edilýär. Şeýle hem bu kitapda Nowruz baýramynyň döreýiş taryhy ylmy deliller arkaly seljerilip, şunda türk alymy Abdulhaluk M.Çaýyň «Türk Ergenekon baýramy ― Nowruz» atly ýörite işi ýatlanylyp geçilýär.

Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän baýramçylyk dabaralary agzybir halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, berkarar döwletimiziň rowaçlygynyň, özgerişleriniň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Bu baýram halkymyzyň belent ruhuny, zähmetsöýerligini hem-de galkynyşy özünde jemläp, hemmeleri ösüşiň täze üstünliklere ruhlandyrýar we ýüreklerimizde gülläp ösýän Watanymyza, bagtyýar şu döwrümize hem-de nurana geljegimize buýsanjymyzy, söýgimizi artdyrýar.

Aýlar JUMABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze günüň we täzelenişiň baýramy

nowruz guni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz – ýagşylygyň ilçisi

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop