Dark
Light
15.09.2026
nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES

Nowruzyň döreýiş taryhy

16.03.2026

Dost-doganlyk, jebislik, agzybirlik ýaly iň gowy däpleri özünde jemleýän Nowruz gadymy döwürde halk durmuşynda baýram hökmünde bellenip gelnipdir. Her bir milli däp-dessur dünýä edebiýatynda ylham çeşmesi, ylymda ylmy agtaryşlary alyp barmak üçin obýekt bolupdyr. Bu Nowruz baýramy, onuň dürli alamatlary hakyndada şeýle.

Nowruz baradaky ilkinji maglumatlar zoroastrizmiň mukaddes kitaby «Awestada» duş gelýär. Onda nowruzyň älem giňişligine jan berişi sazlaşykly setirlerde beýan edilýär. Gündogaryň beýik akyldary Abulkasym Firdöwsi  özüniň “Şanama” eserinde bu baýramy gadymy ýarym-mifiki Jemşit patyşanyň ady bilen baglanyşdyrsa, Abu Reýhan Biruny “Gadymy halklardan galan ýadygärlikler” atly eserinde: “Horasanyň ilaty Nowruzy adamlaryň döremegi bilen baglanyşdyrýar” diýip ýazypdyr.

Nowruz baýramy Beýik Seljuk döwletiniň hökümdarlarynyň dolandyran döwründe hem uludan bellenipdir. Alp Arslanyň, Mälik şanyň weziri bolup işlän Nyzamyl Mülk meşhur “Syýasatnama” eserinde bu baýramyň türki halklaryň arasynda dabaraly bellenip geçilendigini beýan edipdir. XI asyrda ýaşan meşhur türkmen dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň 1071-1074-nji ýyllarda döreden “Türki dilleriň sözlügi” atly işinde, XVII asyryň görnükli alymy Abulgazy Bahadur hanyň “Türkmenleriň nesil daragty”, Alyşir Nowaýynyň «Seddi Isgender» eserlerinde bu baýram hakynda gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar.

XIII-XIV asyryň sepgidinde ýaşan beýik söz ussady Nasreddin Rabguzynyň «Kyssasy Rabguzy» eseri diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, dünýä ylmynda hem gymmatly edebi nusga hasaplanýar. Söz ussady Nowruz alamatlaryny suratkeşlik bilen beýan etmegiň nusgasyny goýupdyr.

Gün hamalga girdi, erse geldi älem Nowruzy,
Geçdi bahman zamharyr gyş galmady gary-buzy.  

Dünýä edebiýatynda Nowruz baýramy hakynda beýan edilen setirler onuň dürli öwüşginine, baýram günleri ýerine ýetirilýän däp-dessurlara düşünmäge ýardam edýär.

Bilbil BABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1773593269403 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Aşgabat» stadionynyň sport desgalaryny öňünden sargyt etmek hyzmatlary elýeterli

caga islenen THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Usuly burç – terbiýeçiniň baýlygy

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop