Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy eýýamda bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent derejelere göterilýär.
Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw binalar toplumy, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy we başga-da köp sanly bilim maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri bolsa ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara bilim, ylym we sport bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň 15-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we dersler boýunça halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlary, türgenleri we olaryň halypa mugallymlarynydyr tälimçilerini sylaglamagy bilim hem sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýip, biz — mugallymlara uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik ynamyndan ruhlanyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde mundan beýlägem yhlasly zähmet çekeris. Ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Narmeňli ESEDOWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.