Häzirki wagtda ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar. Şunda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna möhüm orun degişlidir.
Bu resminamadan ugur alnyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda geçilýän sapaklaryň hem okadylmagy kämilleşdirilýär. Sapaklaryň okadylyşynyň kämilligini gazanmakda bolsa terbiýeçileriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, iş tejribesiniň artdyrylmagy we usuly taýýarlyklarynyň kämilleşdirilmegi hem möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz hem öz üstümizde yzygiderli işlemek bilen, usuly taýýarlygymyzy we tejribämizi artdyrmaga çalyşýarys.
Çünki bu Konsepsiýada Mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça çagalaryň umumy hereketiniň, duýgularynyň, sosial-emosional, ownuk hereketleriniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen,terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä iş tejribesine laýylykda guramagy dowam etdirmek ýaly wezipeler hem göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan hem çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak we olary mekdebe taýýarlamak ugrunda meýilnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge çalyşýarys.
Ýurdumyzda şeýle resminamalaryň kabul edilip, meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň ak ertirleriniň mizemezligini we nesilleriň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerini şertlendirýär. Berkarar döwletimizde bilim-terbiýeçilik ulgamynyň işini ösdürmäge, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!
Aky SARYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.