Dark
Light
17.06.2026
afghanistan expands exports vi 292264d5b2a58d2c4828fa183a1cce23 sm THE ASHGABAT TIMES

Owganystan Türkmenistandan üstaşyr Lazurit geçelgesi arkaly haryt eksportyny işjeňleşdirýär

18.03.2026

Owganystan Türkmenistanyň üsti bilen geçýän Lazurit geçelgesi arkaly öz önümleriniň eksportyny işjeňleşdirýär. Owganystanyň Ulag we raýat awiasiýasy ministrliginiň maglumatlaryna görä, türkmen-owgan serhedindäki Turgundy gury porty arkaly sekiz sany ýük eksporta ugradyldy. Bu barada «Ariana News» ýekşenbe güni habar berdi.

Ýükleriň düzümine guradylan miweler, mürepbe, basyşly gazanlar hem-de energiýa içgileri girýär. Ýükler Türkiýä ýetirilenden soňra, olaryň Saud Arabystany Patyşalygynyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň we Niderlandlaryň bazarlaryna gaýtadan eksport edilmegi meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylda işe girizilen Lazurit geçelgesi Owganystany Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dokun onumcilik THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Hindistan dökün önümçiliginde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

nowruz goja 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz geldi ilime

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop