2026-njy ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary doly goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşlik pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
«THE ASHGABAT TIMES».