Dark
Light
11.04.2026
bitarap kollazh THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

13.03.2026

Mälim bolşy ýaly, 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek şu ýylda öňde durýan belent maksatlara ýetmek ugrunda amal edilmeli işler, ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Şol işlerdir wezipeler şanly ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly şygary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda eden çykyşynda: «Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler» diýip belledi. Häzirki zaman dünýäsinde ýüze çykan düýpli meseleleri çözmek üçin jebisligiň we ylalaşygyň gereklenýän döwründe biziň döwletimizde olary amal etmek babatda anyk başlangyçlaryň kesgitlenilýändigi, öňe sürülýändigi her bir türkmen raýatyny guwandyrýar, ösüşiň täze esaslary röwşen geljege ynamy berkidýär.

Häzirki zamanda dürli ýurtlaryň, halklaryň medeni, dini-ynanç, ruhy we beýleki aýratynlyklarynyň dünýäniň ählumumylaşýan döwründe ýüze çykýan meselelere düşünişmegi kynlaşdyrýan pursatlary ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda döreýän meseleler dürli halklaryň degişli ýaşaýyş aýratynlyklaryna hormat goýmak bilen bir hatarda, adamzady birleşdirýän, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýardam edýän gymmatlyklary işläp düzmek arkaly çözülip bilner. Adamzadyň taryhynda kemala gelen parahatçylygy we howpsuzlygy ykrar edýän bitaraplyk ýörelgeleri şol gymmatlyklaryň ýüze çykmasy bolýar diýsek ýalňyşmarys. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli taryhy ýolunda ol aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk filosofiýasy dünýäniň täze gurluşynyň paýhas esasyny we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde ähmiýetli, netijeli ýoly salgy berýär. Dünýä nusgalyk şeýle ýol bilen röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bu günki gün beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ony biz geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim bolandygynda, maýa goýumlaryň 6 göterim artandygynda, iri we orta kärhanalarda 7 müňe golaý täze iş orunlarynyň döredilendiginde we şu ýylda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak barada kesgitlenen çözgütlerde hem-de «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem görýäris.

Türkmen Bitaraplygynyň çuňňur esaslaryny pugtalandyrmakda, dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Orazberdi ANNADURDYÝEW,
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy, baş tehnolog.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emeli an THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Emeli aň – XXI asyryň trendi

pcxrtnqxud1arlbu32l15dzzztf98u 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Makalalar

Bedew bady – belent maksatlar

10.04.2026
Ýyllaryň üznüksiz kerweni biri-birinden zyýada gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar

Geljegimiz bolan ýaşlaryň jemgyýetdäki orny

09.04.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp gitjek kämil

Telekeçilik – ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

08.04.2026
Telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylmagy milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda strategik ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda hususy pudagyň
GitTop