Ýakynda türkmen karateçileri Polşanyň Krakow şäheriniň kubogy ugrunda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Bu iri sport bäsleşigine 14 döwletden gatnaşan 870-den gowrak türgen ýokary ussatlygyny we taýýarlyk derejesini görkezdi.
Türkmen karateçileri bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, iki sany bürünç medal gazanmagy başardylar. 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda geçirilen şahsy tutluşyklarda türkmen türgeni Selim Myratdurdyýew ýokary taýýarlygyny we ýeňşe bolan erjelligini görkezmek bilen, üçünji orny eýeledi. Şeýle hem 12-13 ýaşly gyzlaryň arasynda çykyş eden balkanabatly mekdep okuwçysy Medine Gaýlyýewa bürünç medala mynasyp boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».