Dark
Light
18.07.2026
saglyk yoris THE ASHGABAT TIMES

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň nyşany

31.03.2026

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 7-nji aprelinde milli senenamamyzda berkidilen halkara sene ― Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, jemgyýetiň täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede ykrarnama eýe boldy.

Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sebitlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin niýetlenen degişli döwrebap düzümler döredildi.

Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezer. Goý, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýgözel AMADOWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

erteki THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Erteki – çaganyň ruhy dünýäsiniň açary

caga bilim terbiye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mekdebe çenli bilim we terbiýe – geljegiň binýady

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop